Soňky habarlar

Arhiw

«Gazprom» 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistandan 15 milliard kub metr gaz satyn aldy

13:1020.04.2023
0
28214

«Gazprom» 2022-nji ýylda 5 milliard kub metr, 2021-nji ýylda bolsa 10 milliard kub metr türkmen gazyny satyn aldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin «TASS-a» beren interwýusynda mälim etdi.

«2022-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan, takmynan, 5 milliard kub metr gaz satyn alyndy. Häzirki wagtda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistan bilen 2024-nji ýyla çenli niýetlenen şertnama bolup, ol geçen ýyl uzaldyldy. Şertnamada Türkmenistandan Russiýa gaz ibermegiň mukdary, takmynan, 5 milliard kub metr möçberde kesgitlenildi. Iberilýän gazyň mukdaryny artdyrmak barada aýdylanda, bu Türkmenistanyň näçeräk möçberde goşmaça gaz iberip biljekdigine bagly» diýip, Aleksandr Blohin belleýär.

Mundan başga-da, ol Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýerasty gaz ambaryny döretmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygyny, häzirki wagtda bu ugurda gepleşikleriň dowam edýändigini belledi.

Mundan ozal, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2011-nji ýyldan bäri RF-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolan Aleksandr Blohini wezipesinden boşadandygyny habar beripdik.

RF-iň Türkmenistandaky täze ilçisi şu wagta çenli Russiýanyň DIM-niň Konsullyk departmentine ýolbaşçylyk eden Iwan Wolynkin boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň