Imran Ahundow ATF-iň ýaryşynda altyn medal eýeledi

22:2919.04.2023
0
16212

Türkmenistanly türgen Imran Ahundow 15-nji martdan bäri Duşanbe şäherinde ýaşy 14-e çenli oýunçylaryň arasynda geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň açyk dört ýaryşynyň soňky tapgyrynda altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz pakistanly türgen Zohaib Afzal Malik bilen bilelikde çykyş edip, ýokary baýraga gazanmaga başardy.

Erkekleriň arasynda bilelikde oýnamakda 28 türgen güýç synanyşdy.

Çärýek final tapgyrynda birinji oýunda Imran Ahundow we Zohaib Afzal Malik halkara dueti Alijon Mirzowy (Täjigistan) / Kirill Sawelýewi (Gazagystan) - 6:2, 6:1 hasabynda aňsat urdular, ýarym finalda bolsa Täjigistandan Ramazoni Ismoilow bilen Şohruh Negmatowdan hem kynçylyk görmäni - 6:2, 6:1 ýeňil ýeňdiler.

Gazagystandan Arafat Mustafa we Assan Sarmanow bilen geçirilen soňky oýun welin ýeňil bolmady. Birinji setde Gazagystanly türgenler 6:3 hasabynda öňe çykdylar. Ikinji setde Imran Ahundow we Zohaib Afzal Malik - 6: hasabynda ýeňip, hasaby deňlediler. Aýgytlaýjy üçünji setiň ykbaly super taý-breýkde çözüldi, onda türkmen-pakistan dueti 10:8 hasabynda üstünlik gazandy.

Täjigistanda türgenimiziň gazanan altyn medaly Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň 31 ýyllygyna gowy sowgat boldy. Bu jemgyýetçilik sport guramasynyň 1992-nji ýylyň 14-nji aprelinde hasaba alnandygyny we häzirki wagtda hatarynda 1500-den gowrak tennisçini, 40 sertifikatly tälimçini birleşdirýändigini, olaryň 30-synyň ITF halkara tälimçilik şahadatnamalydygyny bellemek gerek.

Imranyň şu ýyl dört ýaryşda bäşinji medaly eýeländigini aýrtyn bellemelidiris. Ýanwar aýynda Bahreýnde ýaşy 14-e çenli türgenleriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýa sebitiniň Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşynda Selim Çagylow bilen bilelikde oýnap, bürünç medal eýeländigini, fewral aýynda bolsa Şri-Lankada geçirilen ýetginjekleriň arasynda (U-14) Aziýa/Okeaniýa zolagyndan dünýä çempionatyna saýlama ýaryşda Türkmenistanyň toparynyň düzüminde-de şeýle üstünlik gazanandygyny ýatlamalydyrys.

I.Ahundow geçen aý Täjigistanda ýaşy 14-e çenli türgenleriň arasynda Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) geçirilen Dushanbe Open ýaryşynda ýene iki medal - kümüş we bürünç medal gazanypdy. Ol Özbegistandan Akmal Arabjanow bilen bilelikde kümüş, ýekelikde bürünç medal eýeläpdi.

«Aşgabat» tennis akademiýasynda tälim alýan Imran Ahundow baş tälimçi Mirali Hasanowyň ýolbaşçylygynda sportyň şu görnüşinde ussatlygyny kämilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň