Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Özbegistanyň açyk çempionatynyň estafetalaýyn ýaryşynda kümüş we bürünç medallary eýelediler

22:3019.04.2023
0
16121

Türkmenistanly erkek suwda ýüzüjiler şu günler Daşkent şäherinde geçirilýän Özbegistanyň açyk çempionatynyň 4х100 aralyga estafetalaýyn ýüzmek boýunça ýaryşynda kümüş medallary eýelediler. Olar bellenen aralygy 4 minut 07,19 sekuntda geçdiler.

Ýaryşda birinji orna Özbegistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň topary mynasyp boldy. Bu topar bellenen aralygy 4 minut 02,66 sekuntda geçdi. Ilkinji üçlüge Özbegistanyň Olimpiýaçylary we Paralimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň wekilleri hem girdiler.

Zenanlaryň arasynda geçirilen estafetalaýyn ýaryşda bolsa Türkmenistanyň ýygyndysyna üçünji orny eýelemek başartdy. Olar bellenen aralygy 5 minut 9,09 sekuntda geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň