Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşar

15:0919.04.2023
0
29155

2023-nji ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa: Güýçli sebit institutynyň kömegi bilen durnukly geljege tarap» atly halkara maslahat geçiriler. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu maslahata Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Gaznanyň degişli resmi saýtynda habar berilmegine görä, maslahat AHHG-niň Merkezi Aziýada suw we daşky gurşaw hyzmatdaşlygy üçin özboluşly meýdança hökmündäki ornuny açyp görkezmek, häzirki wagta çenli gazanylan üstünlikler barada pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň ugurlary barada düşünje bermek we öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýär.

Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de degişli halkara guramalaryň bilelikde goldaw bermeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralýar. Oňa AHHG-niň esaslandyryjy döwletlerinden we beýleki sebitlerden döwlet edaralaryna, halkara guramalara, maliýe guramalaryna, ylym pudagyna, raýat jemgyýetine we beýleki gyzyklanýan taraplara wekilçilik edýän ýokary derejeli işgärleriň, syýasatçylaryň, bilermenleriň, alymlaryň telekeçileriň we öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň