Turkmenportal logo
19.04.23
1573315733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça U-20 dünýä çempionatyny Argentina kabul eder
Futbol boýunça U-20 dünýä çempionatyny Argentina kabul eder

20 ýaşa çenli milli ýygyndylaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatyny Argentina kabul eder. Bu barada FIFA habar berýär.


Ozal bu ýaryşy geçirmek Indoneziýanyň elindedi, ýöne Indoneziýa ýaryşy kabul edip bilmejekdigini aýtdy.


Çempionatyň diňe ýeri üýtgedi, geçiriljek wagty bolsa ozalkysy ýaly galdy. Ol 20-nji maý ― 11-nji iýun aralygynda geçiriler. Çempionata 24 milli ýygyndy gatnaşýar.


U-20 ýygyndylaryň arasynda dünýäniň häzirki çempiony Ukrainadyr.