Soňky habarlar

Arhiw

Arslan Goşşanow «Arkadag» futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar

10:3718.04.2023
0
32267

Tejenli emin Arslan Goşşanow «Arkadag» futbol toparynyň taryhyndaky ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol topary Ýokary ligadaky ilkinji duşuşygyny şu gün 2-nji tapgyryň çäginde geçirer. Federasiýa resmi saýtynda tapgyryň ähli duşuşyklarynda işlejek eminler bilen tanyşdyrdy:

18-nji aprel (sişenbe)

«Nebitçi» – «Şagadam»:

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

«Energetik» – «Köpetdag»:

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).

«Arkadag» – «Merw»:

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: Oraz Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.).

19-njy aprel (çarşenbe)

«Ahal» – «Altyn asyr»:

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Oraz Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň