Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşdy

22:0817.04.2023
0
34408
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sapar mahaly boljak duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirip, bu gezekki duşuşyklaryň parlamentara gatnaşyklary berkitmekde, kanun çykaryjy ulgamda tejribe alyşmagyň, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän halkara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça ähmiýetli boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri täze Arkadag şäheriniň gurlandygy barada aýdyp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyryljak önümçilik we beýleki maksatly binalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreýaly işewürleriň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny belledi.

Duşuşykda hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur goldawlaryň berilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlara berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola hem-de Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Jin-Pýo mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Öz gezeginde, Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Onuň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bu pudakda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle-de häzirki zamanyň ajaýyp şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada aýdyldy.

Türkmen paýtagtynyň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny belläp, myhman şäheriň binagärlik aýratynlygynyň özboluşlylygynyň hem-de sazlaşygynyň ýokary derejä eýedigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul hem gatnaşdy.

***

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde we ýangyç-energetika toplumynda Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar boldy. Olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde koreýaly hyzmatdaşlar Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde köp sanly halkara bäsleşikleriň hem-de festiwallaryň ýeňijisi, meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy boldy.

Şeýle-de koreý parlamentarileri Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde amala aşyrylýan gurluşyk işlerine ýokary baha berdiler. Olar bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmagy özleri üçin hormat hasaplaýandyklaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň