Soňky habarlar

Arhiw

Uniwersiadanyň basketbol ýaryşlary tamamlandy

10:4717.04.2023
0
13566

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň basketbolçylary ХХI uniwersiadanyň çempiony boldular.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda geçirilen final duşuşygynda olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparyny 79:60 hasabynda ýeňdiler.

Talyp gyzlaryň arasyndaky ýaryşda hem Bedenterbiýe we sport institutynyň toparyna taý tapylmady. Olar final duşuşygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparyndan 29:19 hasabynda rüstem geldiler.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda üçünji orna Binagärlik-gurluşyk institutynyň, gyzlaryň arasynda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň