Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

22:0615.04.2023
0
44552

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly bildiren çuňňur gynanjy, medet beriji sözleri we ýagşy doga-dilegleri üçin goňşy ýurduň Prezidentine minnetdarlygyny beýan edip, munuň iki döwletiň arasyndaky dostluga daýanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini görkezýändigini belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ähli ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjyny, Türkmenistanyň dostlukly halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa baradaky nurana ýatlamalaryň hemişe ýüreklerde saklanjakdygyny nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň umumy taryha, medeni köklere we müňýyllyklara uzaýan däp-dessurlara daýanýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletinde Eýran Yslam Respublikasy bilen dürli ugurlar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-biregi ýetip gelýän Oraza baýramy bilen gutladylar.

Şeýle-de iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň