Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga ― 2023: «Aşgabat» myhmançylykda «Merwi» ýeňdi

23:4415.04.2023
0
21875

«Aşgabat» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda myhmançylykda Marynyň «Merwini» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 49-njy minutda 33 ýaşly goragçy Söhbet Allanurow geçirdi. Ol geçen möwsümde «Merwiň» düzüminde çykyş edipdi.

«Merw» 2-nji tapgyrdaky duşuşygyny myhmançylykda «Arkadag» futbol topary bilen geçirer. «Aşgabat» bolsa 2-nji tapgyrda dynç alar.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Köpetdagyň» «Şagadamy» 2:1, «Ahalyň» «Energetigi» 1:0 hasabynda ýeňendigini we «Altyn asyryň» «Nebitçi» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň