Turkmenportal logo
15.04.23
3585035850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýokary liga ― 2023: Şiri Annaýew täze möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy boldy
Ýokary liga ― 2023: Şiri Annaýew täze möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy boldy

«Köpetdagyň» futbolçysy Şiri Annaýew Ýokary liganyň şu möwsüminde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji oýunçy boldy.


Ol 1-nji tapgyryň çäginde Aşgabat şäherinde «Şagadam» bilen bolan duşuşygyň 80-nji minudynda baş emin Çarymyrat Gurbanowyň myhman toparyň derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalandy.


Ýokary liganyň geçen möwsüminde bary-ýogy 1 gol geçiren Şiri Annaýew şol goluny hem 5-nji tapgyrda 11 metrlik jerime urgusy bilen geçiripdi.


Şahsy hasaplamalarymyza görä, Şiri Annaýewiň Ýokary ligada 19, «Köpetdagyň» düzüminde çempionatda 11 goly bar.