Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň ilçisi Aşgabatda MAZ AGPJ-niň wekiliýeti bilen duşuşdy

22:4914.04.2023
0
21354

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý çarşenbe güni «BELAVTOMAZ» Holdingiň dolandyryş kompaniýasy — «Minsk Awtoulag Zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy habar berdi.

MAZ-yň täjirçilik müdiriniň orunbasary Andreý Zawgorodniý, MAZ-yň awtoulag enjamlaryna hyzmat we tehniki goldaw guramasynyň müdiri Sergeý Saýçik we MAZ-yň eksport boýunça daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminiň müdiri Sergeý Papkowiç Aşgabada geldi.

Duşuşykda Belarusyň awtoulag öndürýän kompaniýasynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen häzirki hyzmatdaşlygy, şol sanda ulaglaryň satuwdan soňky hyzmaty, şeýle hem Aşgabatdaky Belarus tehnologiýa merkeziniň we Türkmenistandaky wekilhanasynyň işi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen Belarus kärhanasynyň wekilleri bilen türkmen işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Belarusyň Türkmenistanyň işjeň ykdysady hyzmatdaşydygyny ýatladýarys. Belarusda öndürilen ýük awtoulaglary we traktorlar Türkmenistanyň howa şertlerinde özüni gowy görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň