Arhiw

Ledi Gaga ABŞ-nyň Medeniýet guramasyna ýolbaşçylyk eder

11:1914.04.2023
0
33052
Ledi Gaga ABŞ-nyň Medeniýet guramasyna ýolbaşçylyk eder
Surat: jazzpeople.ru

Meşhur amerikan aýdymçysy we artisti Ledi Gaga Ak tamyň sungat we medeniýet guramasyna bilelikde başlyklyk eder.

13 gezek «Gremmi» baýragyna mynasyp bolan Ledi Gaga «Forbesiň» dünýäniň iň täsirli zenanlarynyň sanawyna we «Time» žurnalynyň dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň sanawyna girmegi başardy.

Guramanyň ýene bir başlygy hökmünde prodýuser Brýus Koen bellendi. Geňeş agzalarynyň arasynda Jorj Kluni, Jennifer Garner, Şonda Raýms we Jon Batiste ýaly artistler hem bar.

Medeniýet we sungat guramasy 1982-nji ýylda döredildi. Guramanyň wezipesi, Prezidente medeniýet ulgamynyň syýasy meseleleri boýunça maslahat bermekden ybarat.

Aýdymçy haýyr-sahawat işlerine hem işjeň gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň