Türkmenistanda harby-taktiki okuwlar geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, oňa görülýän taýýarlyk barada şu gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurduň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ygrarlydygyny belledi.
— Geçiriljek harby-taktiki okuwlara talabalaýyk taýýarlyk görmek wajypdyr — diýip, döwlet Baştutany häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Milli goşunyň ähli düzümleriniň işini ýokary derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, harby ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini mundan beýläk-de öwrenmek we ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygy bellenildi.
Belläp geçsek, geçen ýylyň oktýabr aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Deňiz tälim merkezinde Ýaragly Güýçleriň we beýleki harby bölümleriň bilelikdäki harby meýdan türgenleşiklerine syn edip, Milli Goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlady.