Soňky habarlar

Arhiw

«Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistleriň iki günlük okuwy tamamlandy

17:0613.04.2023
0
27776

Şu gün paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolan meseleleri şöhlelendirmekde sanly mazmuny döretmäge niýetlenen platformalary ulanmak boýunça geçirilen iki günlük okuw öz işini tamamlady.

Ikinji günüň maksatnamasy jemgyýetçilik gyzyklanmasyna esaslanýan žurnalistikanyň sosial ulgamlar we kommunikatorlar bilen uýgunlaşmagy ýaly meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem onda onlaýn žurnalistikada wideo we ses formatlarynyň mysallary we aýratynlyklary, auditoriýany çekmegiň tehnologiýalary we başga-da köp zatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuwa gatnaşyjylara bu aşa wizual media giňişliginde sesiň artýan roly we podkasting hakynda giňişleýin düşünje berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman dünýäsinde ses ýa-da wideo faýllary — podkastlary döretmek we ýaýratmak prosesi auditoriýa bilen jemgyýetçilik giňişligindäki aragatnaşygy adamyň şahsy enjamlaryna geçirýär we oňa has şahsylaşdyrylan häsiýeti berýär. Şeýle hem halkara hünärmenler gatnaşyjylara podkast ýaly gurallaryň peýdaly taraplaryny açyp görkezdiler.

Okuwyň dowamynda toparlarda goşmaça amaly gönükmeler geçildi. Gatnaşyjylar sanly platformalar üçin jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolan žurnalistiki materiallary optimal formatlamak, ýazmak we düzmek boýunça ýumuşlary ýerine ýetirdiler.

«Okuwlara gatnaşmak sanly neşirleriň täze ülňüleri bilen tanyşmaga, täsirli kontent döretmekde žurnalistleriň işini ýeňilleşdirýän täze gurallary tapmaga mümkinçilik berdi» — diýip, okuwa gatnaşan «Türkmenportalyň» wekili Resul Döwletmyradow belleýär.

Ýeri gelende bellesek, okuw ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Ondan öň žurnalistler üçin iki günlük okuwyň geçirilýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň