Lebapda ýaňy-ýakynda açylan kärhana önümlerini Özbegistana eksport edýär

15:5013.04.2023
0
57636

Özbegistanly işewürler ýakynda önümçilik binalary Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Akylly zürýat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan öndürilen gurluşyk serişdelerini satyn alyp başladylar.

Önümçilik işine şu ýylyň ýanwar aýynda girişen hususy kärhanada, esasan, bitum mastikasy öndürilýär. Ýylyň ilkinji dört aýynyň zähmet depgini bu ýerdäki önümçiligiň çygrynyň barha giňelýändigini görkezýär. Bu barada «Jeyhun.news» ýazýar.

Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanada günde onlarça tonna bitumly mastikasyny öndürmäge mümkinçilik bar. Bu ýerde önüm öndürmek üçin gerekli çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Bitumly mastikasy 50 kilogramlyk gaplara gaplanylýar.

Önümçilige başlanyna heniz köp wagt geçmedigem bolsa, hususy kärhanada öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarda hyrydarly haryt hökmünde ýokary islegden peýdalanýar. Muny häzirki güne çenli bitumly mastikanyň müňlerçe tonnasynyň Özbegistana eksport edilmegi hem görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň