Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek serhedindäki «Farap» gümrük nokadynyň günlük geçirijiligi 1000 awtoulaga ýetiriler

20:4612.04.2023
0
55150

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.

Hususan-da, türkmen-özbek serhedindäki «Farap» we «Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 1000 awtoulaga çenli artdyrylar. Bu mesele 11-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» hem-de Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň «Alat» gümrük nokatlarynyň işini özara sazlaşykly guramak, iki döwletiň ulag üstaşyr ýük geçirijiliginde bu serhet geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gümrük nokatlaryň durkuny täzelemek, bu ýerden geçirilýän ulag serişdeleriniň sanyny köpeltmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen türkmen tarapy ýük geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işlerine girişdi. Munuň özi gümrük nokadynyň geçirijilik ukybynyň günde 1000 awtoulag serişdesini goýbermäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň