Turkmenportal logo
12.04.23
2496724967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýewiň sary kart gören duşuşygynda «Abdyş-Ata» uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýewiň 12-nji minutda sary kart gören duşuşygynda «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda bassyr ikinji ýeňşini gazandy.


3-nji tapgyryň çäginde Kant şäherindäki Merkezi stadionda geçirilen duşuşykda «Abdyş-Ata» «Muras Ýunaýted» toparyny kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň gollaryny 11-nji minutda Aýzar Akmatow, 18-nji minutda Arlen Şarşanbekow we 48-nji minutda Kaýrat Izakow geçirdi.


Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň wekili Teýmur Çaryýew başlangyç düzümde meýdana çykdy we ilkinji goldan 1 minut soňra baş emin Nurzatbek Abdykadyrowdan sary duýduryş kartyny gördi.


«Abdyş-Ata» üç duşuşykdan soň utugyny 7-ä çykardy. «Muras Ýunaýted» bolsa 2 utukda galdy.


Gyrgyzystanyň çempionatynyň 3-nji tapgyry şu gün «Dordoý» ― «Ilbirs» duşuşygy bilen dowam eder. Türkmenistanly hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň «Neftçisi» ertir ― 13-nji aprelde Kant şäherinde ýerli «Talantyň» myhmany bolar.