Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň banklarynyň POS terminallaryň sany boýunça sanawy neşir edildi

21:2911.04.2023
0
32721

2023-nji ýylyň aprel aýynyň başyna POS terminallaryň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy neşir edildi. Sanawa laýyklykda, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňdebaryjy boldy diýip, Merkezi Bankyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Berlen hasabatlara görä, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hasabynda 8970 sany POS terminaly bar. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda «Türkmenistan» banky (8101 terminal), üçünji orunda bolsa «Halkbank» (7728 terminal) ýerleşdi.

«Daýhanbankyň» POS terminallary, esasan, Türkmenistanyň welaýatlarynda gurnalmak bilen, olaryň köpüsiniň Lebap (2519), Mary (2008) we Daşoguz (1737) welaýatlarynda ýerleşýär.

Sanawda ikinji we üçünji orunlarda ýerleşen banklaryň —«Türkmenistan» we «Halkbank» banklarynyň POS terminallarynyň köpüsiniň Aşgabatda gurnalandygy bellenilýär hem-de olaryň, degişlilikde, 3365 we 2419 sany terminalynyň paýtagtda hereket edýändigi aýdylýar.

2023-nji ýylyň 1-nji apreline çenli POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistandaky banklaryň doly sanawy:

  • «Daýhanbank» DTB — 8970;
  • «Türkmenistan» DTB — 8101;
  • «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky — 7728;
  • «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky — 5620;
  • «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky — 4613;
  • «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky — 3976;
  • Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky — 1773;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky — 1213.

POS terminaly — töleg kartalary arkaly töleg etmek üçin niýetlenilen elektron programma-tehnika enjam enjamy. Ol çipli, magnit zolakly we galtaşyksyz kartlary, şeýle hem galtaşyksyz baglanyşýan beýleki enjamlary kabul edip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň