Russiýa «Hazar bäşligi» ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär

17:4212.04.2023
0
29984
Russiýa «Hazar bäşligi» ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär
Surat: tass.ru

Şu ýyl «Hazar bäşligi» ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň (Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran) duşuşygynyň Russiýada geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Trend» Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa salgylanyp habar berdi.

Lawrow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda: «Hazar bäşliginiň» daşary işler ministrleriniň yzygiderli duşuşyklary sebitdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşant goşar. Şu ýyl bu duşuşygyň Russiýa Federasiýasynda geçirilmegini meýilleşdirýäris» diýdi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Hazar sebitindäki esasy wezipeleriň VI Hazar sammiti we II Hazar ykdysady forumynyň netijesinde düzülen şertnamalary we başlangyçlary ýerine ýetirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmäge bil baglaýandygyny aýtdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Türkmenistanda şuňa meňzeş konferensiýa geçirmek baradaky teklibini goldaýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň