HNGU-nyň Innowasiýa ylym-bilim merkezine ekologiýa işlerini geçirmek üçin ygtyýarnama berildi

16:0511.04.2023
0
39350

Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiiniň Innowasiýa ylym-bilim merkezine Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýurtda ekologiýa işlerini geçirmek üçin ygtyýarnama berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri tarapyndan habar berildi.

Resminama Merkeziň hünärmenlerine zyýanly zyňyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermek we atmosfera goýberilýän zeper ýetiriji maddalaryň ýol berlen çägine gözegçilik etmek bilen baglanyşykly ylmy-barlag işler toplumyny geçirmäge hukuk berýär.

Ygtyýarnama laýyklykda, uniwersitetiň Innowasiýa ylym-bilim merkezi ýurduň kärhanalarynyň, guramalarynyň, zawodlarynyň we fabrikleriniň, şeýle hem döwlet we hususy pudagyň beýleki edaralarynyň öndürýän önümleriniň täze görnüşleri üçin ekologiýa pasportlaryny, tehnologiki kadalary, tehniki şertleri we döwlet ölçeglerini işläp taýýarlar.

Tebigy baýlyklar ulanylanda we işlenilende daşky gurşawy goramak çäreleriniň toplumy nebitiň hem-de gazyň çykarylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we şol bir wagtyň özünde, tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ylmy-barlag işleri topragyň, suwuň, howanyň arassalygyny saklap galmak we olary dürli zyýanly maddalardan arassalamak usullaryny ulanmagy göz öňünde tutýar diýlip, habarda bellenilýär.

Talyplary ylma çekmek, dürli laboratoriýa barlaglaryny geçirmek, şeýle hem uly möçberli meseleleri bilelikde çözmek we ylmy innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek meseleleri hem Merkeziň alyp barýan işleriniň hataryndan orun alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň