Soňky habarlar

Arhiw

«Soçiniň» prezidenti Gurban Berdiýewiň topardan aýrylmagynyň sebäbini düşündirdi

10:0011.04.2023
0
19933

«Soçi» futbol klubynyň prezidenti baş tälimçi Gurban Berdiýew bilen hoşlaşylmagynyň sebäbini düşündirdi:

«Ähli zat ýerbe-ýer. Onuň özi aýrylmak isledi. Biz Gurban Bekiýewiç bilen hemişe ýakyn gatnaşykda bolduk. Häzir hem aramyz ýakyn» diýip, «RIA Nowosti» prezidentiň aýdanlaryny getirdi.

«Soçini» geçen ýylyň noýabr aýynda kabul eden 70 ýaşly tälimçi 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşşypdy. Ýöne topar onuň ýolbaşçylygynda geçiren bäş duşuşygynyň üçüsinde ýeňildi.

Russiýanyň Premýer-ligasynda 22 duşuşykda 31 utuk toplan «Soçi» dokuzynjy orny eýeleýär. Topara häzir Dmitriý Hohlow tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň