Turkmenportal logo
11.04.23
3061830618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban Berdiýew «Rubine» dolanarmy?
Surat: livesport.ru

SSSR-iň at gazanan tälimçisi Anatoliý Byşowes Gurban Berdiýewiň «Rubine» dolanmak ähtimallygy barada pikir bildirdi.


«Bu ähtimallygy aradan aýyryp bolmaz... Klub Gurban Berdiýewi gowy tanaýar we täzeden baş tälimçilige bellenilse, toparyň nähili futbol oýnajakdygyna gowy düşünýär. Ýöne ýene bir sorag döreýär — topar we tälimçi bu ädimi etmäge taýynmy?! Taýýar bolsalar, ýakyn wagtda ony üçünji gezek «Rubinde» görüp bileris» — diýip, Byşowes bu barada öz pikirini bildirýär.


Maglumat üçin, Berdiýew 2001-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli we 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli «Rubiniň» tälimçisi bolup işledi.


Ozal habar berşimiz ýaly, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew Russiýanyň «Soçi» klubynyň baş tälimçiligini bes etdi. Toparyň ýolbaşçylar düzümi Gurban Berdiýew bilen hoşlaşmak barada karara gelnendigini mälim etdi. Indi topary wagtlaýyn baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Dmitriý Hohlow oýunlara taýynlar.


Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde «Soçi» 5 oýun geçirdi. Şolaryň 2-si «Soçiniň», 3-si bolsa garşydaşlaryň peýdasyna tamamlandy.