Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda kosmonawtlaryň gününde Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar

11:2311.04.2023
0
34952

12-nji aprelde Aşgabatda Halkara awiasiýa we kosmonawtlar güni mynasybetli Russiýanyň ilçihanasynyň çägindäki Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar. Bu barada «Россотрудничество»-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy sosial sahypalarynda habar berdi.

Habarda: «12-nji aprelde 11:30-da Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çägindäki (Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, «Aşgabat» seýilgähiniň gapdaly) Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar» diýilýär.

Çärä gatnaşmak boýunça habarlaşmak üçin: (+993 64) 53 50 25 ýa-da e-poçta: otdel_tm@mail.ru.

Ýadyňyzda bolsa, 2021-nji ýylyň 30-njy aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çäginde ilkinji kosmonawt, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Ýuriý Gagariniň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bürünç heýkel heýkeltaraş Alekseý Leonow tarapyndan döredilip, ol «Medeniýet gepleşikleri: bir dünýä» atly Halkara haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi. Gazna 2011-nji ýyldan bäri dünýäniň onlarça ýurdunda Ýuriý Gagarine bagyşlanan heýkeltaraşlyk kompozisiýalaryny oturtmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Italiýada, Fransiýada, Bolgariýada, Germaniýada, ABŞ-da, Hindistanda, Hytaýda, Çehiýada we beýleki ýurtlarda ilkinji kosmonawtyň ýadygärlikleri bar.

Binagärlik dizaýny we granit işleri Russiýanyň gurluşyk kompaniýasy bolan «Wozrojdeniýa» kompaniýasynyň wekilhanasy tarapyndan üpjün edildi.

2023-nji ýylda «Vostok» kysymly kosmos gämisiniň orbita çykanyna 62 ýyl bolýar. Ýuriý Gagarin Ýeriň orbitasynda 108 minutlyk uçuşdan soň Saratow sebitine üstünlikli gondy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň