Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daluw» kompaniýasy «Fondital» brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär

10:0311.04.2023
0
37759

Italiýanyň «Fondital» brendiniň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan «Daluw» kompaniýasy tygşytly we täsirli ýyladyş enjamlaryny alyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

«Fondital» kompaniýasy ýokary hilli ýyladyş radiatorlaryny hem-de ýyladyjy peçleri öndürýär. Öndüriji-kompaniýa radiatorlara 10 ýyla çenli, ýyladyjy peçler üçin bolsa 2 ýyla çenli kepillik berýär.

Giňden peýdalanylýan «Fondital» radiatorlary ýokary derejede ýylylyk berijiligi, ajaýyp daşky görnüşi, şeýle hem berkligi we gurnamasynyň ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, otagyň giňişligine baglylykda, radiatoryň bölümleriniň sanyny sazlamak mümkindir.

«Daluw» kompaniýasy özüniň 12 ýyllyk taryhynda Türkmenistanyň bazarynda elektrik enjamlary we ýyladyş ulgamlaryny üpjün etmekde öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrüldi. «Fondital» brendi bilen birlikde, türkmen kompaniýasy «Schneider Electric», «Ariston» we «Grundfos» ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy brendleriniň hem Türkmenistandaky resmi wekili bolup durýar.

«Fondital» ýyladyş enjamlaryny şu salgydan satyn alyp bolýar: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 23-nji jaý, «Myratly Gadam» binasy.

Habarlaşmak üçin salgylar:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň