Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

GAR-da bir wagtda 800 jübüt nikadan geçdi

09:5011.04.2023
0
20893
GAR-da bir wagtda 800 jübüt nikadan geçdi
Surat: dzen.ru

Günorta Afrikada Pasha baýramy mynasybetli jübütleriň 800-si toý tutdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu koronawirus pandemiýasyndan bäri iň köp nikanyň bellige alynmagydyr.

Günorta Afrika Respublikasynda Pashadaky toý möwsüminde däp bolup gelýän tanslardyr aýdymlar ýerine ýetirilýär. Köpçülikleýin toý tutmak dabarasy ýurtda her ýyl guralýar, emma bu ýyl pandemiýa bilen bagly iki ýyllyk arakesmeden soň has uludan tutuldy.

Nikalaşmak dabarasy paýtagt şäher Ýohannesburgdan 100 kilometrlikdäki ýurduň iň uly kiliseleriniň birinde geçirilýär, dabarany synlamak üçin ýüzlerçe adam ýygnanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň