Soňky habarlar

Arhiw

Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi

21:4710.04.2023
0
26751

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň käbäňiz — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habar meni çuňňur gynandyrdy. Şu agyr ýitgi zerarly Siziň gynanjyňyzy paýlaşýaryn, Size we Siziň maşgala agzalaryňyza sabyr-takat dileýärin. Alla rehmet etsin! — diýip, Ilham Aliýew gynanç hatynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň