Mejlisiň Başlygy Belgiýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

21:5210.04.2023
0
30221

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogyny pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, öz gezeginde, Belgiýanyň Patyşasynyň hoşniýetli arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirdi. Ilçi özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň netijesinde belent halkara abraýa eýe bolan döwletde Belgiýa Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen döwletiniň Baştutanynyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri, şeýle hem parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy rowaçlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, onuň köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň