Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Kazanyň «Ak Bars» toparynyň hokkeýçileri bilen türgenleşik oýnuny geçirdi

17:1010.04.2023
0
19272

Dünýäniň üç gezek çempiony, Gagarin Kubogynyň ýeke-täk bäş gezek eýesi Danis Zaripowyň ýolbaşçylygynda Kazanyň «Ak Bars» toparynyň ulgamynyň hokkeýçileriniň Aşgabada sapary milli sport senenamasynda aprel aýynyň şanly wakasy boldy. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň RF-iň Tatarystan Respublikasyndan ady agzalan hokkeý topary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, türkmen sport muşdaklaryna Kazanyň dünýä belli hokkeý mekdebiniň wekilleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.

«Ak Bars» hokkeý topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçilerine ýokary derejede oýnamagy we halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanmagy öwretmegi maksat edinýär.

Kazanyň tälimçiler topary bilen birlikde RF-iň Tatarystan Respublikasynyň esasy toparynda KHL-de eýýäm güýjüni synap gören, geljekde ussat türgenler bolmagy meýilleşdirýän ýaş hokkeýçiler Aşgabada geldiler. Olaryň arasynda derwezeban Wýaçeslaw Peksa, goragçylar we hüjümçiler Lew Starikow, Iwan Mehowow, Nikolaý Awerin, Ruslan Galimzýanow bar.

Türkmen paýtagtynda bir hepdelik saparda Kazanyň «Ak Bars» toparynyň hokkeýçileri Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde okuw-türgenleşigini geçirdiler we 17-23-nji aprelde «A» toparçanyň üçünji diwizionynda Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde türgenleşik oýnuny gurnadylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Arslan Geldimyradowyň kömegi bilen «Ak Barsyň» derwezesine bir gol geçiren Begenç Döwletmyradow tapawutlandy.

Ýoldaşlyk duşuşykdan soň ýadygärlik surata düşdüler.

Janköýerler dünýä belli hokkeýçi Danis Zaripowy uzak wagtlap buz meýdançasyndan goýbermediler.

«Meniň Aşgabada ilkinji gezek gelşim, şäheriňiz owadan ekeni. Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň 10 müň adamlyk arenasy oňaýly, onda dünýä derejesinde has uly ýaryşlary geçirip boljak» – diýip D.Zaripow aýtdy.

Danis Zinnurowiç GAR-da geçiriljek geljekki dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hokkeý toparynyň taýýarlyk derejesi barada pikirini aýdyp, ildeşlerimiziň höwesiniň uludygyny we meýdançada özüni aýaman oýnaýandyklaryny aýtdy.

«Az wagtda güýçli oýnamagy öwredip bolmaýar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçilerine esasy zatlary öwretdik, olara zerur maglumatlary berdik, indi olar öwrenenlerini türgenleşiklerde ulanmalydyrlar. Men oglanlaryň höwesiniň uludygyna we meýdançada özüni aýaman oýnaýandyklaryna üns berdim. Bu gowy netijelere getirjek esasy ýagdaý diýip pikir edýärin»- diýip nygtady.

Kazanyň «Ak Bars» toparynyň hokkeýçileri bilen bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanşygy ýakynda Keýptauntda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyga gönükdirilendi, onda«B» toparçanyň ikinji diwizionyna çykmaga hukuk gazanmak üçin Lýuksemburg, Taýwan, Tailand, Türkmenistan we GAR ýaly bäş topar bäsleşer.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 17-nji aprelde geçiriljek ilkinji oýunda çempionatyň meýdança eýeleri Günorta Afrika Respublikasynyň topary bilen duşuşar. 18-nji aprelde Baýram Allaýarowyň türgenleri Lýuksemburgyň, 20-nji aprelde - Tailandyň we 23-nji aprelde Taýwanyň milli ýygyndylary bilen bäsleşerler.

Türkmen hokkeýçileri «A» toparçanyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatynda iki gezek bürünç medal eýeläpdiler. Olar şeýle üstünlige soňky gezek geçen ýyl Lýuksemburgda geçirilen dünýä çempionatynda ýetipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň