Turkmenportal logo
09.04.23
3172331723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi
Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi

Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.


— Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Respublikamyzda ejeňiziň — Ogulabat eje Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy baradaky habar çuňňur gynanç bilen kabul edildi. Çyn ýürekden gynanjymy kabul ediň. Bu kyn günlerde size güýç we erjellik dileg edýärin — diýlip, Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň resmi saýtynda bellenilýär.


Habar berşimiz ýaly, 5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.