Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri hem-de Metropoliten sungat muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda saparda boldy

16:2908.04.2023
0
29054
ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri hem-de Metropoliten sungat muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda saparda boldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Mary welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmekde we rejeleýiş işlerini alyp barmakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri hem-de Metropoliten sungat muzeýiniň wekilleri 1 — 8-nji aprel aralygynda Türkmenistanda saparda boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Metropoliten sungat muzeýiniň ozal baglaşan Arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy esasynda Daňdanakan we Kuşmeýhan ýadygärliklerinde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak barada Ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň taslamasy boýunça Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar mawzoleýinde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan muzeýiň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Taryhy ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň başlygy Muhammet Mämmedow, taryhy-medeni goraghanalaryň ýolbaşçylary we muzeý hünärmenleri gatnaşdylar.

Amerikan tarapyndan Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri — bu uniwersitetiň Binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň Taryhy binalary dikeltmek boýunça maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy Anjela Lombardi, şol mekdebiň Medeni durnuklylyk merkeziniň müdiri, professor Wilýam Dýupon, bu merkeziň taryhy binalary gorap saklamak boýunça inženeriniň kömekçisi Sara Rodrigez-Jimeno, Metropoliten sungat muzeýiniň hünärmeni, ylmy-barlag işleri boýunça maslahatçy Martina Rugiadi, Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň kollejiniň yslam arheologiýasy boýunça professorynyň kömekçisi Pol Wordswort gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň