Turkmenportal logo
07.04.23
5161551615
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XIV jildi iňlis dilinde çap edildi
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XIV jildi iňlis dilinde çap edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XIV jildi iňlis dilinde çap edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, iňlis dilinde neşir edilen baý mazmunly ensiklopediýa dünýä okyjylarynyň Türkmenistan bilen tanyşlygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Çünki bu kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, ähmiýetli habarlary, şol sanda dermanlyk içgileri taýýarlamagyň usullary, dermanlyk ösümlikleriň atlary, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.


«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiň XIV jildiniň iňlis dilinde çap edilmegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ynsanperwer, ylym-bilim babatda has-da çuňlaşdyrmak we ösdürmek üçin ähmiýetli bolar.