Turkmenportal logo
07.04.23
3090230902
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýanyň kubogy ― 2023 üçin bije çekişligiň sebetleri belli boldy
Aziýanyň kubogy ― 2023 üçin bije çekişligiň sebetleri belli boldy

FIFA-nyň reýtinginiň täzlenmegi bilen geljek ýylyň gyşynda Katarda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň bije çekişligi üçin sebetleriň ýagdaýy belli boldy.


2024-nji ýylyň 12-nji ýanwary ― 10-njy fewraly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşyna 24 ýygyndy gatnaşar. Duşuşyklar dünýä kubogy ― 2022-ni kabul eden stadionlarda geçiriler.


Bije çekişligiň 11-nji maýda geçiriljekdigini ýatladýarys. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar.


Bije çekişlikden ozal 24 ýygyndy dört sebetde ýerleşdi:


Birinji sebet: Katar (ýer eýesi), Ýaponiýa, Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Saud Arabystany;


Ikinji sebet: Yrak, BAE, Oman, Özbegistan, Hytaý, Iordaniýa;


Üçünji sebet: Bahreýn, Siriýa, Palestina, Wýetnam, Gyrgyzystan, Liwan;


Dördünji sebet: Hindistan, Täjigistan, Tailand, Malaýziýa, Gonkong, Indoneziýa.


Bije çekişligiň netijesinde her birinde dört ýygyndy bolan 6 toparça emele getiriler.