Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunçylyga hem täzeden seretmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtady.
«Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Bellenilişi ýaly, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek, olary durmuş taýdan goramagyň goşmaça kepilliklerini bellemek biziň ynsanperwer syýasatymyzyň möhüm ugrudyr. Maşgala kodeksine, raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunçylyga üýtgetmeler şu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp giriziler.