Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ykdysadyýet pudagynda kanunçylygy kämilleşdirýär

15:3007.04.2023
0
21216

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde Mejlisiň deputatlaryna ykdysadyýet pudagynda hem kanunçylygy kämilleşdirmegi tabşyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky kanunçylygy hem kämilleşdirmeli» diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermelidigini aýtdy.

«Bu ugurda kanunlar maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan, döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp işlenip taýýarlanylmaly» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti deputatlara tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň