Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň täze orny belli boldy

14:5806.04.2023
0
62180

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde iki basgançak aşak düşdi we 137-nji orunda ýerleşdi.

Iň soňky gezek FIFA reýtingi dekabr aýynda täzelenipdi, şonda türkmen topary 135-nji orunda ornaşypdy. Şondan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysy bir resmi duşuşyk geçirdi. Milli ýygyndy Malaýziýa bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 0:1 hasabynda utuldy.

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orunda ýerleşdi. Häzirki dünýä çempiony ozal ikinji hatary eýeleýärdi.

Täze sanawda Fransiýa ikinji orunda ýerleşse, Braziliýa birinji orundan üçünji orna düşdi. Şeýle hem ilkinji 5-lige Belgiýa we Angliýanyň ýygyndylary girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň