Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi

11:5106.04.2023
0
39649

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky «Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylaryň ählisi A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine baryp gördüler.

Myhmanlar mekdebe tanyşlygyň barşynda ýokary synp okuwçylarynyň geografiýa sapagyna gatnaşdylar, kitaphana, sport toplumyna, mekdep muzeýine we mejlisler zalyna gezelenç etdiler.

Şu gün doglan güni bolan I.Babuşkine garaşylmadyk we ýakymly sowgat hökmünde milli lybaslar — don, telpek we guşak sowgat berildi.

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň habaryna görä, Astrahan sebitiniň gubernatory Hormatly myhmanlar kitabynda ýazgy galdyrdy.

Mundan ozal Astrahan sebitiniň gubernatorynyň Türkmenistandaky prawoslaw ybadathanalara baryp görendigini habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň