Turkmenportal logo
06.04.23
3675936759
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beýik Britaniýada çygly süpürgiçleri ulanmaga gadaganlyk giriziler
Beýik Britaniýada çygly süpürgiçleri ulanmaga gadaganlyk girizilerSurat: freepik.com

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli çygly el süpürgiçlere gadaganlyk girizmekçi bolýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.


Arassaçylyk serişdesi öz düzüminde plastik saklaýar we adaty kagyz süpürgiçler ýaly dargamaýar.


Resmi maglumatlara laýyklykda, çygly süpürgiçler suw geçiriji ulgamlarda turbalaryň dykylmagynyň 90 göterimden gowragynyň sebäbi bolup durýar. Şeýle bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin bolsa, her ýyl Birleşen Patyşalygyň kommunal gulluklary 136 million dollar çykdajy etmeli bolýarlar.