Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

21:5805.04.2023
0
30801
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Şeýle-de Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýede Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine buýsanylýandygyny habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Rifat Hisarjyklyoglunyň türkmen döwletine saparynyň netijeli boljakdygyna, meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijilerine ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, şeýle hem ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Rifat Hisarjyklyoglu ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň