Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

09:4505.04.2023
0
31399

2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 15:00-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebine berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebinden okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylary üçin «Açyk gapylar» güni geçirilýär.

Şeýle-de, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylary, esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlar üçin «Açyk gapylar» güni geçiriler.

«Açyk gapylar» gününde oňa gatnaşyjylar bu ýerde öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Welaýatlardan okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» güni aşakdaky tertipde geçiriler:

  • Balkan welaýaty – 10.04.2023 (24.04.2023) – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;
  • Daşoguz welaýaty – 11.04.2023 (25.04.2023) – Türkmen oba hojalyk institutynda;
  • Lebap welaýaty – 12.04.2023 (26.04.2023) – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
  • Mary welaýaty – 13.04.2023 (27.04.2023) – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45.

Maglumat almak üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň