Turkmenportal logo
03.04.23
3613236132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Hindistan + Merkezi Aziýa» görnüşindäki medeniýet ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan «Hindistan + Merkezi Aziýa» görnüşindäki medeniýet ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün «Hindistan + Merkezi Aziýa» görnüşindäki medeniýet ministrleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.


Duşuşyk hindi tarapynyň başlangyjy bilen guraldy we oňa Hindistanyň medeniýet ministri Kişan Reddi ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.



Duşuşykda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow çykyş edip, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar barada belläp geçdi. Ministr çykyşynyň dowamyndaTürkmenistanyň çäginde gadymy Merwde arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan Buddanyň heýkeli hakynda hem durup geçdi.



Çeşmäniň habaryna görä, ministr Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda ýarmarkalar, sergiler, teatr toparlarynyň alyş-çalşygy ýaly çäreleri geçirmek boýunça medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge çagyrdy.