Turkmenportal logo
03.04.23
2150521505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 22 million 515 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 22 million 515 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 515 müň dollaryndan gowrak boldy.


Manat serişdelerine ýurduň telekeçileri umumy bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.