Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

12:3703.04.2023
0
16477

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çäginde bar bolan binalaryň bezeg aýratynlyklary, şäher ilatyna hödürleniljek dürli hyzmatlar, gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri bilen baglanyşykly şekil taslamalar bilen tanyşdy.

Şolaryň hatarynda elektrobuslara we elektromobillere tok beriji bekediň, ýöriteleşdirilen bassyrmanyň, ulaglara hyzmat edýän tehniki desgalaryň, şäheriň açylyş dabarasynyň we dabaraly ýörişiň geçirilmegi meýilleşdirilýän Baýdak meýdançasynyň, münberiň taslamalary, şäher awtobuslarynyň gatnaw ugurlarynyň çyzgylary bar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, onuň çäklerinde 150 we 100 orunlyk çagalar baglarynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň taslamalary, şeýle hem eltip bermek hyzmaty üçin niýetlenen ulag serişdeleriniň görnüşleri we enjamlaşdyrylyşy görkezildi.

Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýandygyny nazara alyp, tebigy gözelligi saklamagyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde ilata edilýän söwda we beýleki hyzmatlaryň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Şunda ilata dürli hyzmatlary hödürleýän ulaglaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň degişli ýazgylar we maglumatlar bilen üpjün edilişine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň