Birleşen Arap Emirliklerinden dört ýaşly oglanjyk dünýäde kitaby çap edilen iň ýaş ýazyjy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Said Raşed Al-Mheýri «Said atly pil we aýy» atly kitabyny dört ýyl 218 gün ýaşynda neşir etdirdi diýlip, habarda bellenýär.
«Pil şüweleň gurady we ol ak aýyny gördi. Ol aýy özüni iýjek bolýandyr öýtdi we: «Gel, ikimiz bile nahar iýeli!» diýdi. Soňra olar dostlaşdylar we birek-birege mähriban boldular» diýip, ýaş ýazyjy kitabynda gürrüň berýär.
Ýeri gelende aýtsak, 2021-nji ýylyň tomsunda Russiýanyň Nižnyý Tagil şäherinden Anton Kaýzer 17 ýaşynda terjimehalyny çap etdirip, dünýäde rekord goýupdy.