Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynyň final tapgyryna gatnaşar

17:0002.04.2023
0
17681

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Hindistanyň Bhubaeswar şäherinde 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynyň final tapgyrynda çykyş eder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Aşgabadyň tennis akademiýasynyň wekili Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen toparyna girer. Ol yklym ýaryşynyň şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen sebitleýin böleginde üstünlikli çykyş edip, final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Şeýlelikde, ýeterlik utuk toplap bilen Ilima Guseýnowa Halkara tennis federasiýasyndan Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin çakylyk geldi.

Merkezi we Günbatar Aziýanyň toparyna Ilima Guseýnowadan başga-da, Özbegistandan Emili Kim bilen Akmal Abdullaýew we Gyrgyzystandan Dawid Mogilewskiý girýär.

Yklym ýaryşyna Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen ýygyndysyndan daşary Gazagystanyň, Indoneziýanyň, Hindistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gonkongyň, Koreýa Respublikasynyň, Kuweýtiň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Siriýanyň, Tailandyň, Wýetnamyň ýygyndylary we Demirgazyk, Günorta-Gündogar hem-de Gündogar Aziýa döwletleriniň birleşen ýygyndylary gatnaşar. Ýaryş 15-nji aprele çenli dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen ýygyndysyna türkmenistanly hünärmen tälimçi hökmünde gatnaşýar. Halkara tennis federasiýasynyň gelen çözgüdi bilen ýaryşa ýygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi Mirali Gasanow ýolbaşçylyk eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň