Soňky habarlar

Arhiw

Seria A: «Milan» «Napolini» myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi

09:2003.04.2023
0
19524

Seria A-nyň häzirki çempiony «Milan» myhmançylykda «Napolini» uly hasap bilen ýeňdi. Çempionatyň 28-nji tapgyrynda Neapol şäherindäki Diego Armando Maradona stadionyndan geçirilen duşuşyk milanlylaryň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşyk «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi.

Duşuşykda hasaby ilki bilen 17-nji minutda Rafael Leau açdy. 8 minut soňra ilkinji goluň pasyny beren Braim Dias duşuşykdaky ikinji goly hem geçirdi. 59-njy minutda Leau ýene bir gezek sahna çykdy. «Milanyň» gol şowy 67-nji minutda ýarym goragçy Aleksis Salemakers bilen tamamlandy.

Utulandygyna garamazdan, «Napoli» 71 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Üçünji orundaky «Milanda» bolsa 51 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň