Turkmenportal logo
02.04.23
2386923869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ilçisi Pakistanyň Daşary işler ministrliginde berlen agzaçar sadakasyna gatnaşdy
Türkmen ilçisi Pakistanyň Daşary işler ministrliginde berlen agzaçar sadakasyna gatnaşdySurat: mfa.gov.tm

Pakistanyň daşary işler ministri Bilawal Bhutto Zardariniň çakylygy boýunça Yslamabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Pakistanyň Daşary işler ministrliginde agzaçar sadakasy berildi. Oňa Türkmenistanyň ilçisi hem gatnaşdy.


Pakistanyň daşary işler ministri öz çykyşynda dinler arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhümdigini belledi. Halkara jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi, COVID, häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady we geosyýasy kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin bilelikde işlemelidiginiň zerurdygyny nygtady.



Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bu ýerde çykyş edip, şu ýyl 2023-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Şeýle hem ilçi käbir beýleki meselelere ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.