Turkmenportal logo
02.04.23
7474274742
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär

Howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň tomusky tertibe geçendigi barada habar berildi.


26-njy martdan bäri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary 8 ýurtda 9 ugra uçýar. Awiakompaniýa Almaty (Gazagystan), Dubaý (BAE), Deli (Hindistan), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Angliýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherlere uçuşlary amala aşyrýar.


2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden awiakompaniýanyň täze ýerli uçuş tertibi güýje girýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki gatnawlary Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerini öz içine alýar.


Doly tertibi şu ýerden tapyp bilersiňiz.