Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan Türkmenistana Hazarüsti elektrik geçiriji ulgamy çekmegi teklip edýär

16:1201.04.2023
0
27262

Azerbaýjan Türkmenistana Hazaryň üsti bilen «ýaşyl energiýany» Ýewropa eksport etmegi teklip edýär.

Azerbaýjanyň AzVision saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan Ýewropa bazaryna çykmak üçin Hazaryň üsti bilen Azerbaýjana elektrik geçiriji ulgamy çekip biler.
Azerbaýjanly bilermenler bu elektrik geçiriji ulgamyň Türkmenistanda öndürilen ýaşyl energiýany, has takygy, Gün we ýel elektrik stansiýalarynda öndürilen elektrik toguny Ýewropa eksport etmek üçin amatly boljakdygyny çaklaýarlar.

«Hazaryň sag we çep kenaryny birleşdirjek elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi Ýewropada elektrik toguny öndürmekde gaza bolan zerurlygy aradan aýyrar» diýip, Azerbaýjanyň Nebit barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Ilham Şaban öz pikirini bildirýär.

«Hazarüsti elektrik geçiriji ulgamyň çekilmeginde deňziň ekologiýa ýagdaýy bilen bagly meseleler hem ýüze çykmaz» diýlip, çeşmede bellenilýär. Sebäbi 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa laýyklykda, diňe nebit, gaz we suw akdyrmak üçin niýetlenilen turbageçirijileriň gurluşygynda ähli taraplaryň razylygy göz öňünde tutulýar. Resminamada elektrik geçiriji ulgam üçin şeýle şertiň zerurlygy görkezilmändir.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ýene bir amatly şert ol hem BAE-niň Masdar kompaniýasynyň hem Azerbaýjanda, hem Türkmenistanda ýaşyl energetika pudagyna maýa goýmakda üstünlikli iş alyp barýanlygydyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Gün energiýasyna we kremnini öz içine alýan çöl çägelerine baý. Ýurt Gün energiýasyny öndürýän enjamlaryň esasy himiki düzümi bolan kremnini dünýä bazarlaryna eksport etmegi maksat edinýär.

Türkmenistanda iýul aýynda Gün bir gije-gündiziň dowamynda 16 sagada çenli şöhle saçýar. Bu ýerde 1 inedördül metre düşýän Gün şöhleleriniň energiýasy 800 watt-a barabar. Ýurtda ýylyň, takmynan, 300 güni Güneşli howa bolýar. Tutuş ýylda güneşli günleriň dowamlylygy 2500-3000 sagada ýetýär.

Iňlis kompaniýasy «PricewaterhouseCoopers» (PwC) tarapyndan geçirilen gözlegler hem ýurduň Gün energiýasyny öndürmekde uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýär.

«2050-nji ýyla çenli Türkmenistan üçin 100% ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçip biler» diýip, kompaniýanyň hasabatynda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň