«Arkadag» futbol topary Kubok ýaryşyna deslapky tapgyrdan girişer

23:5507.04.2023
0
66426

Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa deslapky tapgyrdan girişer.

Täze toparyň döredilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kubok ýaryşynyň tertipnamasyna täzeden seretdi. Şeýlelikde, 22-nji aprelde badalga beriljek ýaryş şol gün «Arkadag» we «Energetik» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlar. Bu duşuşygyň jogap oýny 2-nji maýda geçiriler.

Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiji bolan topar ýaryşyň çärýek finalynda Aşgabadyň «Köpetdagynyň» garşydaşy bolar. Şeýle hem çärýek finalda «Merw» bilen «Aşgabat», «Ahal» bilen «Şagadam», «Altyn asyr» bilen «Nebitçi» güýç synanyşar. Federasiýa çärýek final duşuşyklaryny 9-njy we 20-nji maýda geçirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň